- köşk
- 1) Döwlet häkiminiň bolýan uly jaýy, howlusy.∙ Şu jaý hanyň meýlishanasy ýa-da köşgi bolandyr. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)∙ Gelin bezenip, özüne timar berip, patyşanyň köşgüne barýar. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)2) Özüniň gurluşy, arhitektura aýratynlygy bilen tapawutlanýan köpçülik jaýy.∙ Pionerler köşgi.Ýazuw düzgüni: Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, dymyk k çekimsizi açyk g çekimsizine öwrülýär.Meselem köşk - köşgüm, köşgüň.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.